TCL CSOT kompaniýasy bazara dört režimi özünde jemleýän ilkinji monitoryny çykarmaga taýýarlyk görýär. Täze önüm ekranyň täzeleniş ýygylygyny 160 Hz-den 640 Hz-e çenli dürli derejelerde üýtgedip biler. Enjam baradaky anyk maglumatlar entek çäkli. Olaryň mälim bolanlaryndan çen tutsaň, ýokary çözgütde täzeleniş ýygylygy 160 Hz bolar. Ýöne şekiliň çözgüdini peselden ýagdaýyňda ondan-da ýokarlandyrmak mümkin. Çaklamalara görä, gürrüň 4K çözgütli panel barada gidýär; ol 1440p, 1080p we 720p tertiplerine geçip bilýär. Matrisanyň görnüşi barada belli bir zat aýdylanok. Monitoryň üçünji çärýekde satuwa çykmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, bu möhlete çenli beýleki öndürijileriň hem şoňa meňzeş çözgütleri hödürlemek ähtimallygy bar.