2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Apofis asteroidi Ýerden 32 müň kilometr uzaklykda geçer. Bu aralyk köp sanly kosmos hemralarynyň orbitasyndan hem ýakyndyr. ​NASA-nyň hünärmenleri bu wakany ylym üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilik diýip belleýärler. Sebäbi bu ululykdaky asman jisimleriniň planetamyza şeýle derejede ýakyn gelmegi, ortaça her birnäçe müň ýylda bir gezek bolýan seýrek hadysadyr. ​Apofis irki Gün ulgamynyň galyndysy bolup, onuň diametri takmynan 340 metr, uzynlygy bolsa 450 metrden gowrakdyr. NASA-nyň bilermenleri bu asteroidiň Ýer ýüzündäki adamlara, kosmonawtlara ýa-da orbital tehnika hiç hili howp salmaýandygyna kepil geçýärler. Adamzat taryhynda şeýle uly göwrümli jisimň Ýere juda ýakyn aralykdan geçmegi we häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen ony ilik-düwme öwrenmek mümkinçiligi ilkinji gezek ýüze çykýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir