23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi. Milli meteorologiýa gullugy sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Tornadolar Oklahoma ştatyndan Missuri we Aýowa ştatlaryna çenli giňişligi öz içine alan güýçli tupanlardan soň emele geldi. Iň uly weýrançylyk ilaty 50 müň töweregi bolan Enid şäherinde bellige alyndy. Bu şäher Oklahoma-Siti şäherinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlaryny zaýalady, birnäçe kollejlere we howa menziline zyýan ýetirdi. Şäheriň çägindäki Wens howa bazasy hem zyýan çekdi. Ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, Enidiň günortasynda 10-11 adam ejir çekdi. Olaryň ýeňil derejede şikes alandygy habar berilýär. Iň köp zyýan çeken sebitlerde gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Oklahomanyň gubernatory Kewin Stitt sosial ulgamlarda ýaşaýjylary ejir çekenler üçin doga-dileg etmäge çagyrdy. Ýetirilen zyýanyň möçberi takyklanýar. Tornadonyň Faýrmont şäheriniň tarapyna hereket edýändigi habar berilýär. Arkanzas we Missisipi ştatlarynda bolsa suw joşmalarynyň bolmak ähtimallygy saklanyp galýar.