Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler bilen birlikde, ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa häzirki wagtda degişli döwlet edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda taýýarlanylýan täze kanun taslamalary barada maglumat berdi. Hususan-da, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we beýleki kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem goşmaçalar girizmek, döwletiň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany ýurduň hukuk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir