Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda geljek aýda geçiriljek esasy dabaralaryň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Maý aýynyň meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli dabaralary guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli aýdym-sazly çäreler geçiriler. Mundan başga-da, Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaralara aýratyn orun berler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabarasynyň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, maý aýyndaky şanly senelere we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly we dabaraly ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir