24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap häkimleriniň orunbasarlaryny wezipeden boşatmak we täze ýolbaşçylary bellemek bilen baglanyşyklydyr. Ahal welaýaty Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow bellenildi. Serdar Kakamyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Mary welaýaty Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinde işleýärdi. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhommedowa şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek ygtyýarlygy berildi. Lebap welaýaty Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypow Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. Gurban Hemrakulowiç Kerimow Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedow Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Berdimyrat Babamuradowiç Öwezberdiýew Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Zahid Ýusupowiç Hasanow Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir