«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi diýip, Deadline neşiri habar berýär. Mundan ozal, 2026-njy ýylyň iň girdejili filmi diýlip Hytaýyň sport komediýasy bolan «Pegas-3» hasaplanýardy. Ol häzir ikinji orna düşdi. Üçünji orunda bolsa jemi 285 million dollar girdeji bilen «“Ahyrzaman” taslamasy» ýerleşýär. Mundan öň «Super Mario: Galaktika kinosy» başga bir rekordy hem goýupdy: film prokatyň ilkinji gününde 34 million dollar ýygnady. Bu bolsa 2026-njy ýylyň ähli taslamalarynyň arasynda iň gowy netijedir. Ol ilkinji gününde 33,1 million dollar gazanan Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky «“Ahyrzaman” taslamasy» filminden hem öňe geçmegi başardy.