Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan önümleri yzyna çagyryp almak işine başlady. Gözegçilik edaralary we hukuk goraýjy organlar munuň önüm öndüriji kompaniýa garşy edilýän gorkuzmak synanyşygy bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýärler. Bu ýagdaý 190 gramlyk gök önümli (käşir we kartoşkaly) goýutmak gaplarynyň birinde şübheli ýagdaýy duýan sarp edijiniň arzasyndan soň mälim boldy. Laboratoriýa barlaglary önümiň düzüminde zäherli maddanyň bardygyny tassyklady. Polisiýanyň maglumatyna görä, howply gaplaryň daşky görnüşi üýtgeşik. Onuň gapagy zeperlenen, gorag möhürleri ýok, ysy adatdakydan üýtgeşik we düýbünde gyzyl reňkli ýazgylar bolupdyr. «HiPP» kompaniýasy bu ýagdaýyň önümçilik bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyna ynanýar. Kompaniýanyň resmi beýanatynda: «Bar bolan maglumatlar «SPAR» dükanlaryndaky üpjünçilik zynjyryna daşyndan jenaýatkärçilik maksatly goşulandyklaryny görkezýär» diýilýär. Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň çaga iýmitleri bazaryndaky umumy kynçylyklar bilen utgaşyp, has-da çynlakaýlaşýar. Mundan ozal «Nestle», «Danone» we «Lactalis» ýaly iri öndürijiler hem zäherleniş howpy sebäpli önümlerini yzyna çagyryp alypdylar. Hökümet ene-atalary satyn alan harytlaryny derrew dükanlara yzyna gaýtarmaga we gaplamalar bilen işleşilende gigiýena kadalaryny berk berjaý etmäge çagyrýar.