21 – 23-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy. «Altyn asyr» elektron gazetinde berilýän habara görä, maslahat «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» diýen resmi şygar astynda geçiriler. Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň esasy ugurlarynyň biri dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käni bolar. Türkmenistanyň energetika strategiýasy durnukly ösüş, uzak möhletli meýilleşdiriş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurt tebigy gaz gorlarynyň ululygy boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we şol bir wagtda gazy gaýtadan işlemegi, nebithimiýany, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Maslahatyň maksatnamasynda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalar, şeýle hem önümçilik we ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, ýokary goşmaça gymmatly önümleri öndürmek, eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy ýaly ugurlara aýratyn üns berler. Maslahat häzirki zaman tehnologiýalarynyň, sanly özgertmeleriň, emeli aňyň ulanylmagynyň we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini hem öz içine alar. Maslahatda metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, uglerody tutmak we saklamak tehnologiýalary, wodorod energetikasy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri giňden ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatyň çäklerinde ýokary derejeli plenar mejlis, ministrler derejesindäki «tegelek stol» duşuşyklary, çekişmeler, maýa goýum sessiýalary hem-de 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda halkara sergi geçiriler. Şeýle hem B2B we B2G duşuşyklaryna aýratyn ähmiýet berler. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm açyldy. Goşmaça maglumat almak we hasaba ýazylmak üçin resmi web sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz: OGT 2026.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir