Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Guwanç Agajanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk konstruktiw ýagdaýda geçdi diýlip, diplomatik wekilhananyň habarynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir