Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy resmi web sahypasynda 2027-nji ýyl üçin MEXT stipendiýa maksatnamalaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly talyplardan arzalaryň kabul edilip başlanýandygyny habar berdi. MEXT stipendiýa maksatnamalary Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we bakalawr derejesini, aspiranturany (ylmy-barlag maksatnamalaryny), hünär-tehniki bilimi hem-de ýöriteleşdirilen okuw kollejlerini öz içine alýar. 2027-nji ýyl üçin MEXT maksatnamasyna kabul edilmek boýunça synaglar iýun aýynda geçiriler. Okuwyň ugurlary we arza tabşyrmagyň şertleri barada giňişleýin maglumat bilen ilçihananyň resmi saýtyna girip, tanşyp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir