Çarşenbe güni, 22-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky söwdalar geçirildi. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 77 315 000 manada we 2 333 880 amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy. Daşarky bazarda Gongkongyň we Türkiýäniň işewürleri söwdalaşdylar. Gonkongyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny, ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli telekeçilerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni, «Türkmenpagta» döwlet konserninden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir