Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň 19–20-nji maýynda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerine garadylar. Aýratyn nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Eýran tarapy Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 14-nji martda Eýranyň halkyna iberilen ynsanperwer kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir