Hindistanyň Jammu we Kaşmir ştatlarynyň Udhampur etrabynda ýolagçy awtobusy ýoldan çykyp, dag jülgesine gaçdy. Azyndan 20 adam gurban boldy, 36 adam şikes aldy diýip, «MIR 24» habar berdi. Betbagtçylygyň sebäpleri seljerilýär. Deslapky maglumatlara görä, ýol-ulag hadysasyna kyn ýol şertleri ýa-da awtobusyň tehniki näsazlygy sebäp bolan bolmaly. Wakanyň bolan ýerinden ejir çekenleri hassahana ýerleşdirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir