Fin Laplandiýasynda – Tornionýoki derýasyndaky Likasaari diýen adam aýagy sekmeýän ada 18-nji aprelde tutuşlygyna ýandy diýip, «Yle» neşiri habar berdi. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, Karunki ilatly ýerindäki ada ýekşenbedäki ýangynda kül boldy. Ýangyn söndürijileriň oduň beýleki adalara ýa-da kenara geçmezligi üçin gözegçilik edendikleri bellenýär. Ýangyn netijesinde okrugy goýy tüsse büredi. Likasaari adam aýagy sekmeýän otluk adadyr. Adanyň ýakylmagynyň onýyllyklardyr dowam edip gelýän ýerli däpdigi aýdylýar.