Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň Megri şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşdy. 14–18-nji aprel aralygynda Megri şäherinde geçirilen dabaralaryň çäklerinde türkmen wekiliýeti täze seýilgähiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabara hem gatnaşdy. Şeýle hem dabaranyň myhmanlary Megri şäheriniň taryhy ýerlerine baryp gördüler hem-de ermeni halkynyň medeni mirasy bilen tanyşdylar. Soňra türkmen wekiliýeti baýramçylyk gala-konsertine gatnaşdy — diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir