Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürt kislotasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we nah mata, ýarym taýýarlanylan mytgal matasy, boýalan we basylan satin matasy, buýan köküniň ekstrakty, pagta soapstogynyň distillirlenmedik ýagly turşulygy, çagalara niýetlenen jins önümleri, boýalan tüýjümek önümler, bugdaý uny ýerlenildi. Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 20 million 955 müň manada deň bolan pagta süýümini, çig ýüpegi, nah ýüplügi satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir