18-nji aprelde Antalýada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow türk tarapyny bäşinji Antaliýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) üstünlikli geçirilmegi we onuň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady. Söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde yzygiderli we üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan ýokary derejesini bellediler. Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar Ministrler syýasy we diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara gün tertibindäki häzirki meseleler boýunça pikir alyşdylar, sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça umumy garaýyşlaryny tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir