18-nji aprelde bäşinji Antaliýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär. Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar. Şeýle-de halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir