Bawariýanyň Trostberg şäheriniň 56 ýaşly ýaşaýjysy 15 ýewro ulanylan seýf satyn aldy, ony açanda, içinden guýma altyn tapdy. Tapyndynyň bahasy 32 müň ýewro diýip, ýerli polisiýa salgylanýan DPA agentligi habar berdi. Täze eýesi sandygy onlaýn söwda arkaly satyn alanda, hiç hili geň zat görmedi, emma açanlarynda, seýfiň içinde gizlin bölümiň bardygy belli boldy. Erkek kişi altyn tapandygyny ýerli polisiýa bölümine habar berdi. Hukuk goraýjylar seýfiň öňki eýesi bilen habarlaşdylar. Öňki eýesi sandygy 90 ýaşly kakasynyň sargydy boýunça satuwa çykarypdyr, kakasy onda altyn gizländigini unudypdyr. Seýfiň täze eýesi altyny öňki eýesine göwünjeň gaýdyp berdi diýip, TASS ýazýar.