Dünýäniň iň tanalýan myhmanhanalarynyň biri bolan Dubaýdaky Jumeirah Burj Al Arab giň gerimli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi sebäpli wagtlaýyn ýapyldy. Takmynan 18 aýa niýetlenen bu taslama myhmanhananyň 27 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek şeýle täzelenmä eýe bolar. Bu barada khaleejtimes.com saýty habar berýär. Işlere ýolbaşçylyk etmek Parižiň interýer işleri boýunça ýöriteleşen binagär Tristan Auere tabşyryldy. Ol taryhy we ähmiýetli binalary dikeltmekde örän seresaply çemeleşmesi bilen tanalýar. Onuň öňki taslamalarynyň hatarynda Parižiň Hôtel de Crillon we Les Bains Douches myhmanhanalarynda alyp baran işleri bar. Tristan Aueriň sözlerine görä, abatlaýyş işleriniň esasy konsepsiýasy üýtgetmek däl-de, ozalkysyny saklamak ýörelgesine esaslanýar. Binagär özüniň wezipesiniň binanyň ruhuna we mirasyna zeper ýetirmän, ony «berkitmek hem täzeläp dikeltmekdigini» nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, häzirki bezegleriň 70–80 göterimi saklanyp galar we olar ussat hünärmenleriň eli bilen dikeldiler. Şeýle çemeleşme durnukly ösüş ýörelgelerine hem laýyk gelýär. Myhmanhana Jumeirah Group kompaniýasyna degişli bolup, ol Dubai Holding şahamça gurluşynyň düzümine girýär. Myhmanhana 1999-njy ýylda açylyp, şondan bäri dünýäde iň köp surata düşürilýän binalaryň birine öwrüldi. 321 metr beýiklikdäki, gäminiň ýelkeni şekilindäki bina iki gatly 198 sany lýuks otagdan ybaratdyr; onuň interýerleri mermer, 24 karatlyk altyn örtük we Swarovski kristallary bilen bezelendir. Thomas Meier, Jumeirah kompaniýasynyň baş direktory, myhmanhananyň ýapylmagyny onuň taryhynda täze bir döwrüň başlanmagy hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, Burj Al Arab diňe bir binagärlik täsinligi bolmak bilen çäklenmän, eýsem ussatlygyň we kämillige ymtylmagyň nyşanydyr. Meşhur myhmanhananyň takmynan bir ýarym ýyldan soň täzeden myhmanlary kabul edip başlamagyna garaşylýar.