Gyrgyzystan öňki dolandyryş-çäk gurluşyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär, ýurduň Hökümeti oblastlary we raýonlary ýatyrmaklyga taýýardygyny mälim etdi, olaryň ýerine ýurtda on iki okrug peýda bolar. Bu özgertmäni durmuşa geçirmek başlangyjy bilen Respublikanyň döwlet Baştutany Sadyr Žaparow tanyşdyrdy. Prezidentiň sözlerine görä, bu iş döwlet dolandyrylyşyny giň möçberde özgertmek maksatnamasynyň çäklerinde öňdäki üç-dört ýylyň dowamynda amala aşyrylar. Munuň öňüsyrasy geçiriljek synag taslamasyna laýyklykda, ilki bir okrug dörediler, eger ol üstünlikli bolup çyksa, beýleki oblastlardyr raýonlar ýatyrylar. Häzirki wagtda Respublikada ýedi oblast we 44 raýon bar. Täze dolandyryş-çak gurluşy ýolbaşçylar üçin çykdajylary azaltmaga, şeýle hem dolandyryş ulgamyny ýönekeýleşdirmäge hem-de ony has täsirli etmäge mümkinçilik berer. Bu barada «rg.ru» habar berýär.