Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda bolýar. Myhmanlar saparyň çäklerinde ýurtda meşhur bolan «Arçman», «Ýyly suw» şypahanalaryna hem-de «Köwata» ýerasty kölüne baryp gördüler. «Arçman», «Ýyly suw» şypahanalarynda myhmanlar bu ýerleriň tebigy melhemleri hem-de adamlaryň saglygyny berkitmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Myhmanlar tanyşlygyň dowamynda bu gurşawlara aýratyn üns berdiler hem-de onuň möhüm ähmiýetini bellediler. Wekiliýetiň agzalary «Köwata» ýerasty kölünde bu ýeriniň özboluşly tebigy gurluşy hem-de gowagyň aýratynlyklary barada gürrüň berildi. Myhmanlar türkmen topragyndaky şypahanalarda döredilen mümkinçilikleriň uludygyny belläp, guralan ýokary derejeli gezelenç üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir