Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisinde iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Plenar mejlisde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Hytaýa gaz ulgamynda uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar. Komitetiň agzalary hereket edýän şertnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi taslamasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini ibermegiň möçberini artdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişini nazara almak bilen, taraplar «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» hytaý-başlangyjy bilen utgaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmegi Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr akymlary ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe beýleki ugurlaryna-da deglip geçildi. Hususan-da, demir ýol ulgamynda häzirki döwrüň barha artýan isleglerini, şol sanda täze ýükleriň getirilýändigini, bu pudagyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nazar alyp, demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda degişli taslamalaryň üstünde işlemek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Şonuň ýaly-da, logistika taslamalaryna üns berildi. Ulag-logistika ulgamyny öz içine alýan möhüm işleriň alnyp barylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ähmiýetlidir. Şoňa görä, bu ugurda täze taslamalaryň üstünde işlemek we ozalky ulgamlary döwrebaplaşdyrmak barada degişli teklipler aýdyldy. Lebap welaýatynyň Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmak babatda beýan edilen teklipleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde mynasyp orna eýe boljak ähmiýetli başlangyja öwrüler. Türkmenistanyň senagat pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Himiýa, dokma, gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamlarynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapy sanlylaşdyrmak, önümçilige ýokary tehnologiýaly çözgütleri ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Oba hojalygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Taraplar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek üçin oba hojalyk ugurly ylmy-barlag institutlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi. Innowasion ösüş, sanly tehnologiýalar meseleleri hem maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýetini düýpli özgertmegi maksat edinýän Türkmenistan Hytaýyň «akylly» şäherleri gurmak, elektron söwdany ösdürmek, döwlet dolandyryşyna we durmuş ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär. Ynsanperwer ugur strategik hyzmatdaşlygyň wajyp binýady hökmünde häsiýetlendirildi. Mejlise gatnaşyjylar bilim we ylym ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar. Halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi tassyklanyldy. Taraplar Merkezi Aziýada, onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde utgaşykly işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir