Gazagystanda nebitiň we gazyň çykarylyşy 2026-njy ýylyň başyndan bäri 20 göterime golaý azaldy. Bu barada ýurduň energetika ministri Ýerlan Akkenženowa salgylanýan «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi. Ministriň sözlerine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy 19,7 mln tonna deň boldy. Nebitiň eksporty-da üç aýda 15,3 mln tonna ýa-da 2025-nji ýylyň degişli döwürdäki görkezijisiniň 80,5 göterimini düzdi. Ýe.Akkenženow nebitgaz pudagyndaky görkezijileriň pese düşmegini Hazar turbageçiriji konsorsiumynyň töweregindäki we Tengiz ýatagyndaky ýagdaýlar bilen düşündirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir