13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär. Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu seýrek duş gelýän teňňe biziň eýýamymyzdan öňki 281–261-nji ýyllar aralygynda, häzirki Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda zikgelenipdir. Gymmatlygyň bir tarapynda Korinf tuwulgasyny geýen Afina hudaýynyň keşbi, beýleki tarapynda bolsa naýzaly we ikli Afina şekillendirilipdir. Ekspertler munuň Berlin şäheriniň çäginde tapylan ilkinji gadymy grek tapyndysydygyny belleýärler. Mundan ozal bu sebitde esasan Rim döwrüne degişli taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýardy. Teňňäniň agramy 7 grama golaý bolup, diametri 12 millimetrdir. Taryhy gymmatlygyň şunça ýyllap ýatan ýeri bolan gonamçylyk meýdançasyndan, öň keramika we bürünç önümleri hem tapylypdy Alymlaryň çaklamasyna görä, bu şaýlygyň öz döwründe dürli dini däp-dessurlar maksatly ulanylan bolmagy-da mümkin. Mekdep okuwçysy taryhy tapyndyny hünärmenlere dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Häzirki wagtda bu gadymy teňňe Berlindäki PETRI arheologiýa merkezinde sergilenýär.