8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işiniň netijeliligini maslahatlaşdy. Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy we birnäçe bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilişine seretdi. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir