Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi. «Wiktor Dýökereş özüniň maskaly dabarasy üçin haryt nyşanyny hasaba aldy. Bularyň hemmesi — pleý-off tapgyrynyň iki duşuşygynda dört gol geçirip, Şwesiýany dünýä çempionatyna çykaran badyna boldy» diýip, Romano ýazýar. Dýökereş Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçysyna öwrüldi: Ukraina garşy oýunda ol het-trik (3:1) etdi, soňra bolsa Polşa bilen bolan duşuşygyň (3:2) 88-nji minutynda ýeňiş goluny urdy. Hüjümçi uran gollaryny elleri bilen maska şekilini ýasap baýram edýär. Ol bu keşp üçin Betmen baradaky filmleriň we DC komiksleriniň gahrymany Beýnden ylham alandygyny aýtdy. Bu gahryman («Gara rysar: Rowaýatyň gaýdyp gelmegi» filminde onuň keşbini Tom Hardi janlandyrdy) özüniň üýtgeşik güýji we akyl-paýhasy bilen tapawutlanýan meşhur maskaly ganym gahrymandyr. Futbolçy 2024-nji ýylda geçiren gollarynyň toplumyny paýlaşyp: «Maska geýýänçäm, hiç kim üçin gyzykly däldi» diýip belledi. «Arsenala» geçeninden soň futbolçy şeýle düşündiriş berdi: «Hut şu belleýşi oýlap tapmazdan ozal, dostlarym elmydama öz hususy belleýiş dabaramy döretmegimi aýdýardylar. Sebäbi gollary bellän wagtym hemişe dürli zatlary edýändigimden olaryň gaty irýärdiler». Belläp geçmeli zat, oýunçynyň familiýasy iňlis dilinde Gyökeres diýlip ýazylýar, emma futbolçynyň asly wenger bolandygy sebäpli ol «Dýökereş» diýlip okalýar we terjime edilýär. Wenger dilinde «gy» harplarynyň utgaşmasy bir ýumşak sesi aňladyp, ol türkmen dilindäki «d» sesine ýakyndyr. Käwagt «Ýökereş» diýen görnüşe hem duş gelmek bolýar (bu şwesiýalylaryň öz aýdyşyna has ýakyn, sebäbi olarda "g" harpy gaty okalmaýar), emma sport habarlarynda esasan wengerçe aýdylyşy bolan «Dýökereş» görnüşi ulanylýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir