2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Çärä Guramanyň agza we synçy döwletleriniň hökümet Baştutanlary, wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdy. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady gatnaşyklar, ulag geçelgeleri, söwda, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýet, energetika we durnukly ösüş meselelerini maslahatlaşdy. Bilelikdäki infrastruktura taslamalaryna, senagat, oba hojalygy we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň we özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň möhümdigini nygtady. Wise-premýer N.Atagulyýew öz çykyşynda umumy taryhy we medeni köklere esaslanýan türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol halkara howpsuzlygy, durnukly ösüş we BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk meselelerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgelerini, şeýle hem Hazarüsti we Lapis Lazuli ugurlaryny ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi. Şol gün Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Prezident türki döwletleriň agzybirligini has-da berkitmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýum gatnaşyklaryny we ulag-logistika mümkinçiliklerini, şol sanda Orta we Hazarüsti geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.