Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy. Resminamalara laýyklykda, Aknabat Orazmyradowna Atabaýewa başga işe geçmegi sebäpli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýew bellenildi. Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Taňryberdiýew öň ýerine ýetiren Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarow bellenildi.