Türkmenistanyň bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň (SAREC) «ýaşyl» endikleri ösdürmek boýunça Iş toparynyň üçünji ýyllyk mejlisine gatnaşdy. SAREC platformasy ýokary we hünär bilimini döwrebaplaşdyrmakda, zähmet bazary bilen arabaglanyşygy pugtalandyrmakda, akademiki ykjamlygy, amaly barlaglary, gysga möhletli kurslary hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň täze görnüşlerini ösdürmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan üçin bu işe gatnaşmak strategik ähmiýete eýedir, sebäbi ýurt eýýäm bu çemeleşmeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi. Alnan bilimler zerur endikleri çaklamagy ösdürmek we «ýaşyl» endikler hem-de adalatly geçiş bilen baglanyşykly çemeleşmeleri milli bilim syýasatyna ornaşdyrmak boýunça usuly maslahatlary taýýarlamakda ulanyldy. Häzirki mejlisiň netijeleri Türkmenistanyň ýokary bilimi ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäginde, hususan-da, isleg bildirilýän endikleri kesgitlemek we orta möhletli geljekde zerur boljak başarnyklary çaklamak meselelerinde uly ähmiýete eýedir. Bu taslama gatnaşmak bilim maksatnamalarynyň mazmunyny täzelemäge, halkara uniwersitet hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga hem-de durnukly ösüş we tehnologik üýtgeşmeler şertlerinde zerur bolan döwrebap bilimli we endikli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir