1-nji aprelde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Täjigistanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryna bagyşlanan çäre geçirildi Çäräniň çäklerinde ilçihana tarapyndan 2026-njy ýylyň: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan milli medeni burç gurnaldy. Onda ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan üstünlikleri görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, Türkmenistanyň dürli ugurlardaky üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän kitaplaryň ýerleşdirilen sergisi çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň milli baýlygy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi bolsa aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu atlar gözelligiň, çydamlylygyň hem-de türkmen atçylyk däpleriniň müňýyllyk taryhynyň nyşany bolup durýandygy bellenildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagyň täjik dilinde neşir edilen «Ganatly bedewler» atly kitaby Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynyň rektoryna iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň nyşany hökmünde gowşuryldy. Soňra çäre Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat instituty tarapyndan taýýarlanan medeni maksatnama bilen dowam etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde saz we teatr çykyşlary, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň sergisi görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir