Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň hem-de agza we synçy döwletleriň kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynda seredildi. Gatnaşyjylar kosmos senagatynda özara hereketleri ösdürmek baradaky ylalaşygyň taslamasyny öwrendi hem-de umumy hukuk we institusional binýady döretmäge taýýardyklaryny tassyklady. «CubeSat» (OTS-SAT, 12U) formatyndaky emeli hemranyň taslamasyna aýratyn üns berildi. Taraplar onuň gurluşygyny tamamlamak we orbita çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hereketleri utgaşdyrmagyň we tehniki tapgyrlary tamamlamagyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem, duşuşyklarda hemra maglumatlaryny ulanmak, infrastrukturany ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we hususy pudagyň gatnaşmagy ýaly meseleler hem göz öňünde tutuldy. «Şu gün biz öz platformamyzyň — türki döwletleriň çäklerinde kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk strategiýasyny bilelikde işläp düzýäris. Gün tertibine biziň özara gatnaşyklarymyzyň hukuk binýadyny goýjak şertnama hem girizildi» – diýip, TDG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir