Gresiýanyň Krit adasyny Saharadan göterilen çägeli tupany getiren güýçli ýel - kalima gurşap aldy. Adanyň günorta kenary bilen Afrikanyň aralygy 300 kilometrden hem az, şonuň üçin hem şeýle hadysalaryň bolmagy bu ýerde geň däl. Kurortlaryň depesindäki asman mämişi-gyzyl reňke boýaldy, bu görnüş Marsyň üstünde surata alnan manzarlary ýatladýar. “Erminio” tupany çägeli harasadyň döremegine sebäp boldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, howadaky tozanyň konsentrasiýasy kub metre 1000 mikrogramdan ýetdi. Ilata haryt daşamak we gämi abatlamak ýaly açyk howada ýerine ýetirilýän işlerden wagtlaýynça saklanmak maslahat berildi. Görnüşiň pesligi sebäpli, Irakliondaky Nikos Kazandzakis howa menzili wagtlaýynça ähli uçuşlary ýatyrdy. Käbir sebitlerde görnüş aralygy 100–1000 metre çenli peseldi. Şeýle hem, tupan weýrançylyklara sebäp boldy. Pahiýa-Ammos etrabynda ýük ulagy agdaryldy, güýçli ýel iki sosna agajyny kökünden sogurdy, ýyladyşhanalara zyýan ýetirdi we keramika zawodynyň diwaryny weýran etdi. Iýerapetranyň köne şäherinde kenarýakadaky jaýlar tolkunlaryň zarbasy astynda galdy. Syýahatçylar adanyň adatdan daşary görnüşini belläp, sosial mediada öz täsirlerini paýlaşýarlar, bolup geçýän wakalary hyýaly filmlerindäki sahnalar we beýleki ýurtlardaky şuňa meňzeş hadysalaryň syn edilen peýzažlary bilen deňeşdirýärler .