Dünýäde gaty öý-hojalyk galyndylarynyň möçberi çalt artmagyny dowam etdirýär we 2050-nji ýyla çenli 3,9 milliard tonna ýetip biler. Bu barada Bütindünýä bankynyň «What a Waste 3.0» atly hasabatynda aýdylýar. Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda dünýäde 2,6 milliard tonnadan gowrak galyndy emele geldi. Galyndylary gaýtadan işlemek ulgamynyň ösmegine garamazdan, sarp edişiň artmagy sebäpli galyndylaryň umumy möçberi ýokary bolmagynda galýar diýip, «Conversation» neşiri ýazýar. Nädogry usulda ýok edilýän galyndylaryň paýynyň 30%-den 20%-e çenli peselip biljekdigi bellenilýär, emma şeýle galyndylaryň umumy möçberi ýylda, takmynan, 760 million tonna derejesinde galar. Bu bolsa galyndylaryň ep-esli böleginiň ýakylmagynyň ýa-da rugsat berilmedik zir-zibil ýerlerine düşmeginiň dowam etjekdigini aňladýar. Hasabatyň awtorlary galyndylary dolandyryş ulgamlarynyň ösüşiniň olaryň möçberiniň artyşyndan yza galýandygyny nygtaýar. Bu bolsa howanyň we suwuň hapalanmagyna, zyňyndylaryň köpelmegine hem-de ýaşaýyş şertleriniň peselmegine alyp barýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem gaýtadan işlemegiň gymmat bolmagydyr. Girdejisi pes bolan ýurtlarda galyndynyň bir tonnasyny ýok etmek üçin çykdajylar azyndan 40–45 dollara düşýär, ösen ýurtlarda bolsa 200 dollardan gowrakdyr. Hünärmenler meseläni çözmek üçin iri möçberli maýa goýumlaryň gerekdigini belleýär, sebäbi maliýeleşdirmäniň ýeterlik bolmazlygy bu meseläniň dowam etmeginiň esasy sebäpleriniň biridir. «Dünýä bileleşigi galyndylary ýok etmekde tygşytlylyk etmegiň illýuziýadygyna düşünmelidir. Biz diňe maliýe we ekologiýa ýüküni geljekki nesilleriň üstüne atýarys. Bu meseläni çözmek üçin ýakyn 25 ýylyň dowamynda ýüzlerçe milliard dollar maýa goýum gerek bolar. Galyndy meselesi diňe bir ekologiýa meselesi däl-de, eýsem ählumumy maliýe, saglygy goraýyş we netijeli döwlet dolandyryş meselesidir» – diýip, hasabatda bellenilýär.