1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar—mart aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bellenen döwürde amala aşyrylan işleriň umumy netijeleri barada gezekli-gezegine hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda ýurtda howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy. Hasabatlarda Ýaragly Güýçleri ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky çäreler, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gulluga çagyrylyşyň we harby gullukdan boşatmagyň barşy barada aýdyldy. Şeýle hem kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmek boýunça bitirilen işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Kazyýet ulgamyny ösdürmäge, milli howpsuzlygy berkitmäge, döwlet serhediniň goraglylygy pugtalandyrmaga, kanunçylygy kämilleşdirmäge, gümrük gullugyny döwrebaplaşdyrmaga we migrasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Prezident hasabatlary diňläp, ýurduň goranyş ukybyny has-da berkitmegiň, raýatlaryň hukuklaryny goramagyň we kanunçylygy üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna bu ugurlardaky işleri dowam etdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Mejlisde beýleki meselelere hem seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.