2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar durnukly ösüşe we umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy. Türkmen wekili öz çykyşynda ýurduň BMG-ä agza döwletleriň, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň ýurduň hukuk ýagdaýyny we onuň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki ornuny goldaýandygyny nygtady. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara forumyň üç ugry öz içine alýan mejlislerine gatnaşdy. Olaryň dowamynda parahatçylygy pugtalandyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, täze ulag geçelgelerini döretmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak we energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim we syýahatçylyk pudaklarynda tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.