2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli Ýer şarynyň ilaty häzirki 8,3 milliarddan 12,4 milliard adama çenli ýetip biler. Bu barada Flinders uniwersitetiniň geçiren ylmy gözleglerine salgylanyp, «Daily Mail» neşiri habar berýär. Professor Kori Bredşouwyň ýolbaşçylygyndaky alymlar 200 ýyldan gowrak wagtyň dowamyndaky ilat sany baradaky maglumatlary öwrenip, ekologik modelleriň kömegi bilen ilatyň ösüşiniň azyk önümlerine, klimata hem-de ýaşaýyş şertlerine ýetirýän täsirini seljerdi. Olaryň çykaran netijelerine görä, adamzat eýýäm planetanyň mümkinçilikleriniň çäginden çykdy. «Ýer şary biziň serişdeleri ulanyş depginimiziň yzyndan ýetip bilenok. Ol düýpli üýtgeşmeler bolmasa, hatda şu günki islegleri hem kanagatlandyryp bilmeýär» – diýip, Bredşou belleýär. 1950-nji ýyllara çenli ilat sanynyň artmagy ykdysady we tehnologik ösüşiň çaltlanmagy bilen utgaşypdy. 1960-njy ýyllaryň başyndan bäri bu arabaglanyşyk gowşady: adamlaryň sanynyň köpelmegi öňki ýaly netije bermegini bes etdi — şunlukda «otrisatel demografik döwür» diýlip atlandyrylýan döwür başlandy. Alymlar adamzadyň ekologik çäklendirmeleriň çäginde ýaşamagy we amatly durmuş derejesini saklamagy üçin «durnukly» ilat sanynyň, takmynan, 2,5 milliard adam bolmalydygyny öňe sürýär. Ilat sany 11,7–12,4 milliarda ýeten ýagdaýynda, bu kyn netijelere: ählumumy gyzgynlygyň ýokarlanmagyna, uglerod zyňyndylarynyň we planetanyň tebigy ýaşaýşy üpjün ediji ulgamlaryna düşýän agramyň artmagyna getirip biler. Alymlar serişdeleri (ýer, suw, energiýa we beýleki materiallar) ulanmak baradaky çemeleşmelere täzeden seretmäge çagyrýar. «Eger düýpli üýtgeşmeler amala aşyrylmasa, adamzat ösüşiniň häzirki ýoly has çuňňur çökgünliklere alyp barar. Hereket etmek mümkinçilikleri azalýar, ýöne ýurtlar agzybirlikde işlese, ähmiýetli üýtgeşmeleri gazanmak entek mümkindir» – diýip, professor Bredşou nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir