Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi. «Ronaldinýo: Ýeke-täk we gaýtalanmajak» (Ronaldinho: The One and Only) atly bu taslamanyň premýerasy 16-njy aprele meýilleşdirilýär. Onuň mazmuny ozal hiç ýerde görkezilmedik wideolary, şeýle-de Lionel Messi, Neýmar we Roberto Karlos ýaly ýyldyzlaryň gürrüňlerini öz içine alar. Netflix tomusda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda üç sany brazil taslamasyny: 7-nji maýda çykjak Braziliýanyň 1994-nji ýylda çempion bolan ýygyndysy baradaky, 8-nji iýunda görkeziljek Günorta Amerikanyň ýaş zehinlerini ýüze çykarýan «Super Copa Pioneer» ýaryşy hakyndaky filmleri, şeýle-de şu habarda gürrüňi gidýän – Ronaldinýonyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan serialy köpçülige hödürlemek isleýär. Ronaldinýo 2002-nji ýylda dünýä çempiony bolupdy. Ol dürli ýyllarda «Barselona», «PSŽ», «Milan» we «Flamengo» ýaly meşhur klublarda çykyş etdi. Şeýle-de meşhur futbolçynyň şekili FIFA 2004, 2006, 2007, 2008, 2009 wideo oýunlarynyň ýüzüni-de bezedi. 2005-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbolçysy hökmünde «Altyn topa» eýe bolan Ronaldinýo, şol ýyl FIFA tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip hem yglan edilipdi.