Lukmançylyk turizmi Müsüre geçen 2025-nji ýylda 8 million dollar girdeji getirdi, bu öňki ýyldakydan 76,67 göterim köpdür (3,7 mln dollar). Bu barada «Daily News Egypt» neşiri habar berdi. Ýurduň Saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy Ahmet El-Sobkiniň sözlerine görä, ösüş lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň gowulanmagy we hassahanalarda talaplaryň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Ýagny hökümet «Biz Müsürde alada edýäris» (In Egypt, We Care) diýen ugry ösdürmek bilen, daşary ýurtlulara ýöriteleşdirilen bejeriş maksatnamalaryny teklip edýär we hassalaryň saparynyň tutuş dowamynda ýanynda bolmak üçin sanly ulgamy işe goýberýär. Saglygy goraýyş edarasy hususy ätiýaçlandyryş kompaniýalar hem-de brokerçilik firmalar bilen Müsüriň öňdebaryjy sebit we ählumumy lukmançylyk turizm merkezi bolmagy üçin hyzmatdaşlygy giňeltmekçi diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir