Türkmenistanyň Prezidenti behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak maksady bilen, «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler. Şonuň bilen birlikde, bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri guralar. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ýörite eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.