2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Saparyň çäklerinde wekiliýet ýolbaşçysy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşyp, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny ýetirdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Gepleşikleriň dowamynda ulag-energetika, söwda we ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şol gün Türkmenistanyň wise-premýeri Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen hem duşuşyk geçirdi. Bu gepleşikleriň esasy özeni ikitaraplaýyn ykdysady baglanyşyklary giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek we sanly ykdysadyýet, innowasiýalar hem-de energetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boldy. Duşuşykda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenilip, bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşyldy. Saparyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir