Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagta çenli bäsleşige gatnaşjakdygyny tassyklan döwletleriň sany 10-dan geçdi. Olaryň hatarynda Bangladeş, Butan, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Nepal, Filippinler, Günorta Koreýa, Taýland we Wýetnam bar. Gatnaşyjylar iki tapgyr boýunça saýlanylar. Ilki bilen milli derejede saýlawlar geçiriler, soňra bolsa ýeňijiler Bangkokda boljak finalda çykyş ederler. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi «Ýewrowideniýäniň» 70 ýyllygy bilen gabat gelýär we ol bäsleşigiň taryhynda täze sahypa açar diýlip garaşylýar. Mundan ozal ABŞ-da hem şuna meňzeş taslamany amala aşyrmak synanyşygy bolupdy. Ýöne 2022-nji ýylda geçirilen Amerikan aýdym-saz bäsleşigi garaşylan meşhurlyga eýe bolmady we tiz wagtdan ýapyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir