Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär. Russiýa, takmynan, 4.312 milliard kub metr görkeziji bilen ikinji orunda durýar. Iň uly suw baýlygyna eýe bolan beýleki ýurtlaryň arasynda Kanada (takmynan 2.850 milliard kub metr), ABŞ (takmynan 2.818 milliard) we Hytaý (takmynan 2.813 milliard) bar. Soňra Kolumbiýa, Indoneziýa we Peru gelýär. Hindistan uly suw gorlaryna (takmynan 1.446 milliard kub metr) eýedigine garamazdan, ilat sanynyň köpdügi sebäpli suw ýetmezçiligini başdan geçirýär. Mýanma hem takmynan 1.003 milliard kub metr suw gory bilen şu sanawa girýär. Bilermenler suwuň paýlanyşynyň gyradeň däldigini belleýärler: käbir sebitlerde suw bol, beýlekilerinde bolsa suw ýetmezçilik edýär. Hatda baý suw çeşmeleri bolan ýurtlar hem ýerli derejede suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde suwa bolan isleg üpjünçilikden 40% köp bolup biler. Munuň esasy sebäpleri ilat sanynyň artmagy, şäherleşme we oba hojalygynyň ösüşidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir