Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek üçin (eger täze mazmun goşulmasa) ulanyp bilerler. Şeýle-de, makalalary bir dilden başga dile terjime etmek üçin dil modellerinden peýdalanmaga rugsat berilýär. Ýöne, şeýle ediläýende-de, barybir ähli terjimeler awtor tarapyndan hökmany suratda barlanylmalydyr. Bu karar emeli aň tarapyndan döredilen tekstleriň platformanyň birnäçe esasy kadalaryny bozýandygy bilen düşündirilýär. Ýatladyp geçsek, mundan ozal Ilon Mask «Wikipedia-nyň» işini tankyt edipdi we 2025-nji ýylyň oktýabrynda Grokipedia taslamasyny işe girizipdi. Ol ýerde bolsa makalalar Grok emeli aň modeli arkaly döredilýär we redaktirlenýär. 2026-njy ýylyň başyndaky maglumatlarda Grokipedia-da 6 million makala bardygy bellenipdi (iňlis dilli Wikipedia-da bolsa 7,1 million). Şol bir wagtyň özünde, Grokipedia makalalardaky gyýtak syýasy garaýyşlar we dildüwşük äheňli pikirler sebäpli yzygiderli tankyt edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir