30-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdi. Esasy üns syýasy-diplomatik gepleşiklere, daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklaryna we türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmäge gönükdirildi. Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Belgiýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmekdäki orny nygtaldy. Şeýle hem halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklar baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugra hem aýratyn garaldy. Taraplar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we telekeçileriň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdy. Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seredildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir