Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal eýelese, üçünji orunda «Realyň» bombardiri Kilian Mbappe ornaşdy. Sanawy düzenleriň «Bawariýanyň» oýnuna haýran galandyklary bildirýär, sebäbi ilkinji bäşlikde bu toparyň üç oýunçysy – Maýkl Olise we Luis Dias degişlilikde dördünji we bäşinji orunlary eýelediler. Sanawa Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň wekilleri we MLS-den bir oýunçy (onuň kimdigi köre hasa) girdi. Dalaşgärleriň doly sanawy : Garri Keýn («Bawariýa»); Lamin Ýamal («Barselona»); Kilian Mbappe («Real»); Maýkl Olise («Bawariýa»); Luis Dias («Bawariýa»); Erling Holand («Mançester Siti»); Rafinýa («Barselona»); Winisius Žunior («Real»); Deklan Raýs («Arsenal»); Witinýa («PSŽ»); Lionel Messi («Inter Maýami»); Federiko Walwerde («Real»); Gabriel («Arsenal»); Pedri («Barselona»); Bruno Fernandeş («Mançester Ýunaýted»). Häzirki wagtda bu baýragyň eýesi «PSŽ»-niň hüjümçisi Usman Dembeledir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir