Ýewropa daşalýan wagtynda Nestlé kompaniýasyna degişli bolan, içine «KitKat» şokoladlary ýüklenen uly ýük awtoulagy ogurlandy. Brendiň wekilleriniň habar bermegine görä, ogurlanan ýüküň umumy agramy, takmynan 12 tonna barabardyr. Täze görnüşli 413 793 sany şokoladdan ybarat ýük geçen hepde önümçilik we paýlaýyş meýdançalarynyň arasynda daşalýan wagty ýitdi. Ýük awtoulagynyň Italiýanyň merkezinden çykyp, Polşa tarap ugrandygy mälim bolsa-da, onuň anyk haýsy nokatda ýetendigi entek anyklanmadyk. Brendiň wekili «Içi ýananyňam gülküsi bolar» diýlişi ýaly: «Biz öz mahabatlarymyzda hemişe adamlary «KitKat» bilen arakesme etmäge çagyrýardyk welin, ogrular bu çagyryşy göni manyda kabul edip, 12 tonnadan gowrak şokoladymyzy alyp gidäýipdirler» diýip, uly möçberli ýitgi hakynda degişmä salyp gürrüň berdi. Ogurlanan şokoladlary gaplaryndaky ýörite tapgyrly kodlary arkaly yzarlap bolýar. Eger-de bikanun bazarlarda şol kodly harytlar skanirlense, ulgam derrew degişli edaralara habar berer. Häzirki wagtda ýerli häkimiýetler we logistika hyzmatdaşlary bilen bilelikde gözleg işleri dowam etdirilýär. Kompaniýa bu şokoladlaryň Ýewropanyň resmi däl bazarlarynda peýda bolup biljekdigini duýdurdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir