Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi. Nowo-Eýran şäheriniň golaýyndaky Žau milli seýilgähinde amala aşyrylan bu çäre ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriň köpelmegini goldamaga gönükdirilen uzak möhletleýin taslamanyň bir bölegidir. Taslamany başlaýjy hökmünde Ýabany tebigaty goramak jemgyýeti çykyş edip, oňa ýerli ýaşaýjylar we Braziliýanyň ICMBio biodürlülik agentligi hem işjeň gatnaşdy. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle başlangyçlar diňe bir seýrek görnüşleri gorap saklamaga kömek etmän, eýsem ýerli halklar bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge hem mümkinçilik berýär. Hünärmenler amala aşyrylmagy niýet edilýän şuňa meňzeş maksatnamalaryň Amazonka sebitiniň biodürlüligini gorap saklamakda möhüm orun eýelejekdigine ynanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir