Germaniýaly tälimçi Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» toparyna ýolbaşçylyk edip biler. Bu barada fransiýaly žurnalist Fransua Galýardo habar berýär. Onuň berýän maglumatyna görä, Kloppuň wezipä bellenilmegi baradaky karar entek dekabr aýynda kabul edilipdir we şertnama eýýäm gol çekilipdir. Habarda Kloppuň gelmeginiň gutarnykly çözülen meseledigi we munuň häzirki tälimçi Alwaro Arbeloanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň görkezjek netijelerine asla bagly däldigi aýdylýar. 58 ýaşly Klopp 2015-2024-nji ýyllar aralygynda «Liwerpul» toparyna tälimçilik etdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub üç gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy (2018, 2019, 2022) we 2019-njy ýylda bu ýaryşyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, topar 2020-nji ýylda 30 ýyldan soň ilkinji gezek Angliýanyň çempiony boldy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri Klopp «Red Bull» kompaniýasynyň futbol ugrunyň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýär. Emma şu aýyň başynda kompaniýanyň onuň işinden nägiledigi barada habarlar ýaýrap başlady. Häzirki wagtda «Real Madrid» Ispaniýanyň çempionatynda 69 utuk bilen «Barselonadan» dört utuk yza galyp, ikinji ýerde barýar. Şeýle-de, topar Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy we ol ýerde «Bawariýa» bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir